40 tonnadan hem geçýän iri altyn ýatagy Hytaýyň Gansu ülkesinden tapyldy. Bu barada «TV BRICS» habar berdi diýip, «Belta.by» portaly ýazýar.
Ülkäniň tebigy gorlar edarasynyň maglumatlaryna görä, kän Ýuýmen şäherinden tapyldy. Hünärmenleriň bahalandyrmalaryna laýyklykda, onuň möçberi iki sany altyn gazylyp alynýan ortaça ýatagynyňka deň. Açyş häzirki zaman geohimiýa barlag işleriniň barşynda edildi. Bu geljekde şeýle sebitlerde gymmatbaha tejribe bolar diýip, garaşylýar.
Gansudaky täze ýataklaryň gözlegi Hytaýyň mineral-çig maly goruny giňeltmek boýunça milli maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar. Şu ýylyň ýanwarynda ýurduň Geologiýa gullugy ýurduň sebitleriniň köpüsinden jemi 168 tonna altynyň tapylandygyny habar berdi.
