Bütin dünýäde her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen italýan dili hepdeligi Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu halkara çäre dünýäniň dürli ýurtlarynda italýan dilini, Italiýanyň taryhyny we medeniýetini wagyz etmek we ilerletmek, şeýle hem bu ugurda ählumumy hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly oňyn maksatlara eýedir. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
«Italýan dili: serhetsiz dil» diýen şygar bilen geçirilýän italýan diliniň bütindünýä hepdeligi Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda, halkara dialogy berkitmekde ähmiýetli boldy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde her ýyl geçirilýän bu dabara Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guralýar.
Hepdeligiň dowamynda oňa gatnaşan diplomatlaryň çykyşlary, italýan professorlarynyň okuw sapaklary netijeliligi bilen tapawutlandy. Dürli mowzukly çärelere beslenen edebiýat agşamlary, türkmen we italýan dillerinde ýaňlanan goşgulardyr aýdymlar, dostlukly ýurduň medeniýetine, edebiýatyna we taryhyna bagyşlanyp taýýarlanylan sergi oňa gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde italiýaly professorlar Mariýa Jowanna Farçiniň hem-de Françesko Jommoniniň türkmen talyplary we mugallymlary üçin geçiren umumy sapaklary çäräniň maksatnamasyny has-da baýlaşdyrdy.
Duşuşyklaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda türkmen-italýan gatnaşyklaryny, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, bilelikdäki bilim başlangyçlaryny we taslamalaryny durmuşa geçirmegiň, dil taýýarlygyny, hususan-da, Italiýada türkmen talyplary üçin italýan dili we edebiýaty boýunça ýöriteleşdirilen okuwlary guramagyň mümkinçilikleri giňden ara alnyp maslahatlaşyldy.
