Turkmenportal logo
19.10.25
1262612626
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy halkara forum geçirdi

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň «Geneva Center for Neutrality» («GCN») hem-de «Greater Caspian Association» («GCA») bilen bilelikde guramagynda halkara forum geçirildi.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen çärä 300-den gowrak gatnaşyjy — diplomatlar, syýasatçylar, halkara guramalaryň wekilleri, Ženewada akkreditirlenen wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, KHBS-niň, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri hem-de ýerli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.

Forum häzirki zamanyň ählumumy wehimleriniň şertlerinde strategiki çemeleşme hökmünde bitaraplygy ara alyp maslahatlaşmak üçin giň gerimli meýdança öwrüldi.

Forumyň maksatnamasy «Häzirki dünýäde bitaraplyk – durnuklylygy we ynanyşmagy üpjün etmek  boýunça diplomatik çemeleşmeler», «Bitaraplygyň ykdysady ölçegi – onuň maýa goýum gurşawyny döretmekdäki orny», «Bitaraplyk we tehnologiýalar – emeli aňy düzgünleşdirmek we sanly howpsuzlyk» atly üç sany sessiýadan ybarat boldy.

BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa forumyň esasy çykyş edijisi boldy diýlip, habarda bellenilýär.