17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, BMG-niň 80 ýyllygy hem-de «BMG – 80 oýunlary» atly sport ýaryşlarynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.
Çäräni Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy bilen BMG-niň Moskwa şäherindäki Maglumat merkezi bilelikde gurady.
Kabul edişlige Russiýa Federasiýasynyň DIM-iniň wekilleri, Russiýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, jemgyýetçilik we syýasy işgärler, ylym-bilim ulgamynyň wekilleri, žurnalistler, şeýle hem sport ýaryşlaryny geçirmäge ýardam beren sport guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi E.M.Aýdogdyýew öz çykyşynda Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine eýermek bilen, dialog, hyzmatdaşlyk hem-de parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda üýtgewsiz çykyş edýändigini belledi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 4-nji awgustyndan 12-nji oktýabry aralygynda geçirilen «BMG – 80 oýunlary» atly sport ýaryşlary hem şu ýylyň möhüm senelerine bagyşlandy. Ýaryşlara Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanalaryň, konsullyk edaralarynyň we beýleki daşary ýurt wekilhanalarynyň, şeýle hem BMG-niň Moskwa şäherindäki Maglumat merkeziniň, Russiýanyň DIM-iniň, Russiýanyň DIM-iniň Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary institutynyň (MGIMO) toparlary, «BMG-niň nusgasynyň» topary, talyplar we sport mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar.
Dabara ýygnananlara sport ýaryşlarynyň geçirilişiniň netijeleri barada wideo ýazgy görkezildi.
Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary S.W.Werşininiň gutlag sözünde bu sport baýramçylygynyň ýokary guramaçylyk derejesinde, dostluk we özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilendigi, onuň köp sanly gatnaşyjylary, tanymal ussatlary, zehinli ýaşlary hem-de işjeň durmuş ýörelgesine ygrarly bolan dürli ýaşdaky adamlary bir ýere jemländigi nygtalýar.
Dabarada edilen çykyşlarda Moskwa şäherinde geçirilen «BMG – 80 oýunlary» sport ýaryşlarynyň baş maksadynyň özara düşünişmek ruhuny pugtalandyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň esasyny düzýän Bitaraplygyň ýokary gymmatlyklaryna eýermek arkaly diplomatik jemgyýetçiligini bitewüleşdirmekden ybarat bolandygy bellenildi.
Küşt, futbol we tennis boýunça üstünlikli geçirilen sport ýaryşlary raýdaşlygyň, parahatçylygyň we ynamyň aýdyň nyşany bolmak bilen, dostlugyň, adalatly bäsdeşligiň hem-de umumy maksatlara ymtylyşyň biziň dünýämizi has-da gowulaşdyrmaga ukyplydygyny görkezdi.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Çäräniň çäklerinde türkmen milli aýdymlary ýerine ýetirildi hem-de asylly däbe görä, ähli myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.
