Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy diýip, TDH habar berýär.
Mejlisde Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri we 2025-nji ýyl üçin meýilnamada bellenen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi.
ÝUNESKO-nyň Geoseýilgähler boýunça maksatnamasynyň çäklerinde tebigy we medeni ýadygärlikleri, halkara geologik ähmiýetli landşaftlary öz içine alýan geoseýilgähleri döretmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat mejlisiň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy.
Mejlise gatnaşyjylara geoseýilgähleri döretmek işiniň yzygiderliligi, bu ugurda halkara tejribeler we gurama tarapyndan edilýän talaplar barada maglumat berildi. Türkmenistanda şeýle obýektiň döredilmegi milli tebigy mirasy gorap saklamakda, ekosyýahatçylygy ösdürmekde möhüm ädim bolar. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanda geoseýilgähi döretmegiň we ony ÝUNESKO-nyň Ählumumy geoseýilgähler toruna girizmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda ÝUNESKO-nyň geoseýilgählerini döretmek meselesi öwrenilýär.
Türkmenistanda hereket edýän ÝUNESKO klublarynyň alyp barýan işi ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisinde garalan aýratyn mowzuklaryň biri boldy.
Şeýle-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň iri düzümlerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hyzmatdaşlygyň hem-de maglumatlary alyşmagyň mümkinçilikleri ýaly möhüm wezipelere garaldy, guramaçylyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
