Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, 1-nji noýabrda guraljak foruma ýurduň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynyň ministrliklerinden, pudaklaýyn dolandyryş we karz edaralaryndan, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinden wekilleriň 250-siniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentimiziň ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda başlangyçlaryny we bank ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini, milli manadyň sazlaşykly dolandyrylmagy bilen gazanylýan ykdysady üstünlikleri beýan etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem pul-karz syýasaty, bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda döwrebap bank hyzmatlaryny ýola goýmak, elektron töleg ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň milli pulunyň — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň we ony guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
