Anna güni, 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşarky we içerki bazarlarda söwdalaşyklar geçirildi. Bu barada TDHÇMB-nyň saýty habar berýär.
Daşarky bazarda Gyrgyzyztandan gelen telekeçiler Türkmenistanyň öndürijilerinden dokma önümleriniň tapgyrlaryny satyn aldylar. Harytlaryň sanawyna dürli reňklerdäki we dürli ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli (çalgyç, el çalgyçlar, hammam örtügi), boýalan agyr flanel matasy girýär.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler Dokma senagaty ministrliginden aşgarlanmadyk kardly ýekegat pnewmomehaniki enjamlardan nah ýüplügi, dokma önümçiligi üçin nah ýüplügi, dokma önümçiligi üçin pnewmomehaniki egriji maşynlardan, ýekegat, agardylmadyk, kardly nah ýüplügi we “Ring KD” kysymly nah ýüplügi satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň netijesinde jemi 8 şertnama baglaşyldy.
Şertnamalaryň umumy bahasy 350 581,50 ABŞ-nyň dollary we 12 868 200,00 manat boldy.
