Addis-Abeba şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýewiň Efiopiýanyň Prezidenti Taýe Atske Selassiýe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýollan mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini bellediler.
Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Taýe Atske Selassiýe Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine dostlukly salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi.
