Mary welaýatynyň, Mary etrabynyň “Täze oba” daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän “Täze aý” haryt nyşany bilen et we şöhlat önümlerini öndürýän sehinde her gün 45 tonna çenli et önümi öndürilýär. Häzirki wagtda 102-den gowrak görnüşli şöhlat önümlerini we et delikateslerini öndürmekde ýöriteleşendir.

“Täze aý” haryt nyşany bilen önüm öndürýän önümçilik birleşigi, maldarçylyk ulgamyny hem giňden ýola goýdy. Kompaniýanyň fermalary mallary ösdürip ýetişdirmekden başlap, mallar doly taýýar bolýança berk hil gözegçilikde saklaýar. Weterinar barlagyndan geçirilen mallary ýokary hilli enjamlar bilen ýörite Soýumhanada ähli önümçilik ugurlarda ulanmak üçin et önümlerini taýýarlap önümçilik sehlere geçirýärler. Bu çemeleşme “Täze aý” kompaniýasynyň önümleriniň howpsuzlygyny we ajaýyp tagam özboluşlylygyny kepillendirmäge mümkinçilik berýär.

Et we şöhlat önümleri öndürýän sehinde dürli görnüşli önümler bar Gaýnadylan şöhlatlar: (28 görnüş, şol sanda “Adalat”, “Ösüş”, “Hakykat”, “Guşluk”, “Nurly”...), Ýarym kakadylan şöhlatlar: (29 görnüş, olaryň arasynda “Şamçyrag”, “Oguz”, “Mesgen”...), Sygyr we towuk etinden taýýarlanan: “Meat STIX” atly 3 görnüş kabanos şöhlatjyklary, şeýle hem dürli kakadylan we gaýnadylan et önümleri bar.
Önümçilik hatarynda 13 görnüş Büzmeçeleri: “Ertirlik”, “Isleg”, “Çynar”... şeýle hem 3 görnüş Büzmeleri: (“Altyn aý”, “Şapak”, “Bathyz”) we Halal şahadatnamasyna eýe bolan “Täze aý peýnirli” ady bilen peýnirli ýarym kakadylan şöhlaty öndürmegi ýola goýdy.

Kakadylan - gaýnadylan önümleriň sanawynda: towuk eti, towuk dolamasy we towuk budy, towuk ganatlary, towuk döşi, towuk etinden jylka et, towuk wetçina, “Sülgün” we “Peşgeş” atly wetçinalar, şeýle hem sygyr etinden taýýarlanan: Delikatesler bar. Önümleriň hatarynda Gaýnadylyp – kakadylan: Rulet we Wetçina, şeýle hem kakadylan: Basturma we gaýnadylan: Sygyr dili bar. Däp bolan Gowurdagyň iki görnüşini: “Daýhan” we “Garagum” öndürýär.

Bulardan daşary şöhlat önümçilik sehi täze önümleri bilen tanyş edýär: “Talyp” gaýandylan şöhlady, “Hindi guş” towuk etinden gaýnadylan şöhlady, “Büzmeýin” gaýnadylan we “Büzmeýin” ýarym kakadylan şöhlady.

Önümleriň hili halkara standartlaryň talaplaryna laýyk gelýänligi sebäpli: Halal sertifikaty we iýmit howpsuzlyk menejmenti ISO 22000 sertifikaty, hil menejmenti ISO 9001 sertifikaty bilen tassyklandy. Şeýle hem hormat hatlary we diplomlar bilen sylaglandy. Kompanýada ýokary hilli önümçiligi üpjün edýän tejribeli hünärmenler üçin bolsa ähli şertler döredilendir.

Kärhananyň aragatnaşyk telefonlary: (800522) 1 82 30, (800522) 1 82 39
