Gyrgyzystanyň paýtagtynda tramwaýlar hereket edip biler. Şeýle teklip şäherlileriň şäher häkimliginiň wekilleri bilen duşuşygynda orta atyldy. Duşuşykda paýtagtda ulag dyknyşyklary meselesini çözmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «MIR 24» habar berýär.
Şäherliler welosiped unfrastrukturasyny ösdümrekden duralgada ýörite goltuklary abadanlaşdyrmaga çenli teklip etdiler. Häkimlik jemgyýetçilik ulaglaryny ösdürmek isleýär. Şäheriň häkimi Aýbek Junuşaliýewiň sözlerine görä, eger tramwaýlaryň gatnawy ýola goýulsa, ol has köp ýolagçy gatnatmaga hem-de şäheriň uzak etraplaryny birleşdirmäge mümkinçilik berer.
Geljekde şäheriň ýaşaýjylary bilen şeýle duşuşyklary yzygiderli geçirmek meýilleşdirilýär. Olar meseleleri bilelikde maslahatlaşyp çözmäge mümkinçilik berer.
