Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýanyň bilim edaralary 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk meýilnamasyna gol çekdiler.
Resminama Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew we Russiýanyň bilim ministriniň orunbasary A.Korneýew tarapyndan tassyklanyldy.
Mejlisiň dowamynda taraplar birža söwdasy, atçylyk we oba hojalygy ýaly ugurlar boýunça-da birnäçe ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekdiler.
Türkmen tarapyndan topara wise-premýer N.Atagulyýew, russiýa tarapyndan bolsa wise-premýer Marat Husnullin ýolbaşçylyk etdi.
