Turkmenportal logo
13.10.25
1255612556
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-rus hyzmatdaşlygy: täze resminamalara gol çekildi

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň iki ýurda degişli taraplardan ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem-de bu toparyň 13-nji mejlisi geçirildi. 

Mejlisde iki ýurduň wekilleri giň gerimli maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.

Dostlukly we netijeli ýagdaýda geçen mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara – Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça  hökümetara türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisiniň Teswirnamasyna, şeýle hem bilim ulgamynda, iki ýurduň haryt-çig mal biržalarynyň arasynda, oba hojalyk  we atçylyk pudagynda, gümrük gulluklarynyň arasynda  hyzmatdaşlyk etmek baradaky resminamalara gol çekildi. Bu barada  «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Şeýle-de okaň: