Turkmenportal logo
13.10.25
1072310723
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen ýaş para-powerliftingçisi Kairde geçirilen dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdi

Türkmen türgeni Muhammet Hojaýew Müsür döwletiniň paýtagty Kair şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen para-powerlifting boýunça dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etdi.

Ol 54 kilogram agram derejesinde çykyş edip, 95 kilogram agyrlygy galdyrmagy başardy we ikinji orny eýeledi.

Bu netije ýaş türkmen türgeni üçin möhüm üstünlik boldy.

Bellenilip geçilse, dünýä çempionaty Kairde 11–18-nji oktýabr aralygynda geçirilýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy bu ýaryşa 8 türgen bilen gatnaşýar.