Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda bu ýurduň paýtagty Baku şäherinde brifing geçirildi. Ol 7-nji oktýabrda dostlukly ýurduň Fizuli şäherinde Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde guruljak metjidiň düýbüniň tutulmagy mynasybetli guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Brifinge Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Fizuli, Agdam we Hojawend raýonlary boýunça ýörite wekiliniň geňeşçisi, bu ýurduň Milli Mejlisiniň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistan-Azerbaýjan parlamentara gatnaşyklary boýunça iş toparynyň başlygy, Azerbaýjanyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy, Kawkaz musulmanlary edarasynyň Başlygynyň birinji orunbasary, Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkeziniň başlygy we orunbasary, Türki döwletleriň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçileri, syýasatşynaslar hem-de ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň we öňdebaryjy köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çärä gatnaşyjylar ilki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde gurulýan metjit üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga, şeýle hem ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdiler we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Çykyş edenler Fizuli şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasynyň Türkmenistanyň teklibi bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji sammitiniň çäklerinde geçirilmeginiň hem ýöne ýere däldigini bellediler. Taryhda ilkinji gezek türki döwletler birleşip, musulman ymmaty üçin iň mukaddes ýerleriň biri bolan metjidiň gurluşygynyň düýbüni bilelikde tutdular diýip nygtadylar.
Bu başlangyjyň Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de bütin türki döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň berkemegine, ilerlemegine uly goşant goşjakdygyny hem-de azerbaýjan halkynyň bu sowgada ýokary baha berýändigini, onuň iki halkyň agzybirligine şaýatlyk edýändigini aýratyn bellediler.
Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga berk jan saglygyny, egsilmez bagt we halkara ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler diýlip, habarda aýdylýar.
