Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäherinde Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ikinji işewürlik forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen kärhanalarynyň önümleriniň, şol sanda azyk harytlarynyň, dokma önümleriniň we gurluşyk serişdeleriniň sergisi guraldy.
Forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Şarja şäheriniň Söwda-senagat edarasy (SCCI) tarapyndan, Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasy hem-de BAE-niň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasynyň goldaw bermeginde guraldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, forumda çykyş eden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ýola goýlan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmegine ýokary derejedäki konstruktiw syýasy gepleşikleriň itergi berýändigini belledi. Ol Türkmenistanyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatyny yzygiderli alyp barýandygyny, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde işjeňlik görkezýändigini we işewürlik üçin amatly şertleri döredýändigini nygtady.
Şarja şäheriniň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Abdulla Sultan Al Owaýs öz gezeginde çykyş edip, ýerli işewürlik toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge we sebit bazarlarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän türkmen kompaniýalaryna goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi.
Forumyň dowamynda Türkmenistanyň telekeçileri senagat, oba hojalygy, energetika we logistika ýaly ugurlarda milli ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini şöhlelendirýän birnäçe taslamany hödürlediler.

Forumyň dowamynda iki ýurduň hususy ulgamynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Şeýle hem türkmen wekiliýeti Şarja şäherindäki senagat önümleriniň hemişelik sergisine baryp, ýerli kärhanalaryň alyp barýan işi we BAE-niň önümçilik pudagynyň ösüşiniň häzirki zaman ugurlary bilen tanyşdy — diýip, çeşmede bellenilýär.
