Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde, düýn utgaşykly görnüşde Türkmenistanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekmek dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda:
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen B.B.Gorodowikow adyndaky Kalmyk döwlet uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Suhumi döwlet uniwersitetiniň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Norwiç dil bilimi institutynyň (Birleşen Patyşalyk) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hanoý ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Wýetnam) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Perm döwlet milli barlag uniwersitetiniň (Russiýa Federasiýasy) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Ankara sosial bilimler uniwersitetiniň (Türkiýe Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan peýdalanmak boýunça milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Ýokary bilimiň federal döwlet býujet bilim beriş edarasynyň «Kazan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň» arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Westminster uniwersitetiniň (Birleşen Patyşalyk) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Martin Lýuter adyndaky Galle-Witenberg uniwersitetiniň filosofiýa III — pedagogika ylmy fakultetiniň (Germaniýa Federatiw Respublikasy) arasynda akademiki we medeni hyzmatdaşlyk baradaky Ylalaşyk;
Türkmen döwlet maliýe instituty bilen Azerbaýjan Döwlet ykdysady uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Azerbaýjan Döwlet ykdysady uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikdäki 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2026 — 2028-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almak barada Ylalaşyga gol çekildi.
