Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, 10-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşanbe Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Türkmenistana ugrady.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Aşgabat Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistana iş saparynyň barşynda «Merkezi Aziýa — Russiýa» sammitine hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy we olarda çykyş etdi.
Şeýle-de saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşygy boldy.
