Täjigistana iş saparynyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda şu ýyl Türkmenistanyň taryhy wakany – ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini aýtdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany GDA ýurtlarynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň gözbaşynda durandyklaryny, BMG-de, beýleki halkara guramalarda we forumlarda muňa işjeň ýardam berendiklerini belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryny şanly sene mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara, şeýle hem halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna ýene-de bir gezek çagyrdy.
«Siziň bu ähmiýetli çärelere gatnaşmagyňyz olary üstünlikli geçirmäge möhüm goşant bolar hem-de Türkmenistanyň halkynyň ýokary bahasyna mynasyp bolar» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti çykyşynyň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona şu ýyl ýurdunyň GDA-da netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe Arkalaşygyň edaralarynyň işini netijeli utgaşdyrandygy we şu gezekki sammiti geçirmäge uly goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.
