Türkmenistan 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklygyna doly jogapkärçilik bilen çemeleşer. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisinde aýtdy.
“Biz gurama agza döwletleriň Türkmenistana bolan hormatyna we ynamyna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ösüşine goşan goşandymyzyň ykrar edilmeginiň subutnamasy hökmünde garaýarys. Bilelikde çözmeli meselelerimiziň gerimine we derejesine doly düşünip, başlyklygymyza doly jogapkärçilik bilen çemeleşeris" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutany ýakyn wagtda Türkmenistanyň GDA-da başlyklygy baradaky konsepsiýanyň taýýarlanjakdygyny belledi. "Resminama Arkalaşygyň ýurtlaryna diplomatik ýollar arkaly öz wagtynda iberiler" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüniň üstüni ýetirdi.
GDA-da başlyklyk 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Täjigistandan Türkmenistana geçer. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň indiki mejlisi 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabatda geçiriler.
