Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini 2028-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
