Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde degişli Karara gol çekdi.
Gurluşyk işlerine 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we köpugurly hassahanany 2028-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
