8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsuly Guwançmyrat Ataýew Eýranyň Daşary işler ministrliginiň Maşat şäherindäki wekilhanasynyň ýolbaşçysy Ahmet Masumifar bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda G.Ataýew wekilhananyň ýolbaşçysy A.Masumifara Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsuly hökmündäki konsullyk patentiniň nusgasyny gowşurdy.
Taraplar duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň tagallalary netijesinde iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini hem-de gatnaşyklaryň ösüş depgininiň barha ýokarlanýandygyny bellediler.
Duşuşykda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy, şeýle-de ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özara gatnaşyklar bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
