2025-nji ýyl üçin Nobel baýragynyň fizika ugry boýunça eýeleri yglan edildi, baýrak kwant mehanikasy ulgamynda açyş eden amerikan alymlary Jon Klarka, Mişel H. Dewore we Jon M.Martinusa gowşuryldy. Alymlar makroskopiki kwant-mehaniki tunnelirleme hem-de elektrik zynjyrdaky kwant energiýasy boýunça açyş etdiler diýip, Nobeliň geňeşine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Kwant mehanikasy tunnelirleme diýlip at berlen prosesiň kömegi arkaly bölejiklere päsgelçiliklerden geçmäge mümkinçilik berýär. Bu prosese bölejikleriň köp sanlysy çekilenden soňra, kwant-mehaniki täsir ujypsyz bolup galýar. Baýragyň eýeleriniň synaglary kwant-mehaniki özboluşlylygy makroskopiki ölçegde hem amala aşyrmagyň mümkindigini görkezdi.
