Turkmenportal logo
08.10.25
43244324
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Dutaryň owazy» festiwalynyň guramaçylyk komiteti Türkmenistandan gatnaşmak üçin arzalaryň artandygyny belleýär

Nury Halmämmedowyň adyny göterýän IX Moskwa halkara sungat festiwalynyň — «Dutaryň owazy» festiwalynyň guramaçylyk komiteti şu ýyl Türkmenistandan gatnaşmak üçin iberilen arzalaryň sanynyň ep-esli artandygyny belleýär.

«Şu möwsümde Özbegistan, Hytaý, Russiýa ýaly ýurtlardan gatnaşjak bäsdeşleriň arzalary gelip gowuşdy, aýratyn-da Türkmenistandan gatnaşyjylar tarapyndan iberilen arzalaryň sanynyň ep-esli artandygy bellenilýär» - diýlip, festiwalyň metbugat beýanatynda nygtalýar.

Şeýle hem Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» IX halkara festiwalynyň guramaçylyk komiteti Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan festiwalyň jemleýji çäreleriniň maksatnamasyny yglan etdi.

27-nji oktýabrda sagat 12:00-dan 15:00-a çenli Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Aýdym-saz bölüminiň binasynda «Urşuň keşbi sungatyň aýnasynda» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler.

29–30-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 20:00 çenli Mariýa Ulýanowa köçesi, 29A salgysyndaky 64-nji çagalar sazçylyk mekdebinde dürli hünärler boýunça ýerine ýetirijileriň milli medeni däplere esaslanýan akademik saz boýunça bäsleşigi we «Sözüň älemi» atly labyzly okamak boýunça bäsleşik guralar.

3-nji noýabrda sagat 18:00-da festiwalyň dabaraly gala-konserti we ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçiriler. Bu çäre konsert maksatnamasyny, şeýle-de bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmagyň resmi dabarasyny hem öz içine alar.

6–14-nji noýabrda Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkezinde (Mohowaýa köçesi, 6–8) «Parahatçylygyň öwüşginleri» atly çeperçilik sergi ýaýbaňlandyrylar.

Çäreleriň hemmesine giriş tölegsiz.