ÝUNESKO halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi ses berlişik esasynda guramanyň baş direktory wezipesine Müsüriň öňki turizm we gadymylyklar ministri Haled al-Ananini teklip etdi. Bu barada guramanyň saýtynda ýerleşdirilen habara salgylanýan «INTERFAX.RU» habar berdi.
Indi ÝUNESKO-nyň agza-ýurtlary Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçjek baş maslahatyň barşynda onuň kandidaturasy üçin ses bererler. Eger saýlanan halatynda al-Anani noýabryň ortasyndan öňki baş direktor Odre Azuleni çalşar.
Müsüri öwreniji we syýasatçy al-Anani 1971-nji ýylyň 14-nji martynda doguldy.
