«Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin «Ýol kartasyna» laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Wodorod energetikasy merkezi döredildi. Merkezde wodorod energetikasy boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak hem-de okuw-ylmy tejribehanasyny döretmek maksadyndan ugur alnyp, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri we kompaniýalary bilen bilelikde degişli işler geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen, Wodorod energetikasy merkezinde elektroliz usuly arkaly suwdan wodorod ýangyjyny almak boýunça birnäçe ylmy-barlag işleri geçirildi. Netijede, «ýaşyl» wodorod energiýasy alyndy, şeýle hem merkeziň hünärmenleri tarapyndan plazmohimiki innowasion usuly ulanylyp, tebigy gazdan wodorod ýangyjyny almagyň barlaghana enjamy döredildi.
Bu usul bilen alnan wodorod ýangyjy «Agilent Technologies 6890» kysymly gaz hromatografynda seljerildi we tebigy gazdan wodorodyň hem-de tehniki uglerodyň emele gelýändigi tassyklanyldy.
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryny hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, teklip edilýän okuw maksatnamalaryna gatnaşmak üçin 2026-njy ýylda Sukuba uniwersitetine iş saparlaryna ugratmak göz öňünde tutulýar.
