Bitkoiniň nyrhy «Binance» söwdalaşyk meýdançasynda taryhda iň ýokary derejä ýetdi – 124,48 müň dollara deň boldy diýip, TASS habar berdi.
Öňki taryhy iň ýokary nyrh 2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda hasaba alnypdy we 124,47 müň dollary düzüpdi.
Elektron bitkoin puluň soňky ýyllarda meşhurlygy okgunly artýar. Onuň taslamasy 2008-nji ýylyň noýabrynda Satosi Nakamoto diýen lakam bilen çap edildi.
