Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygyna täze ilçi belledi
Orazmuhammet Atajanowiç Çaryýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şeýle-de Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky, Palestina Döwletindäki, Iordaniýa Haşimit Patyşalygyndaky, Oman Soltanlygyndaky, Müsür Arap Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Türkmenistanyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipelerinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazow bellenilip, ol Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky (Ýerewan şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara 3-nji oktýabrda gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
***
Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi täzelendi
Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Yrak Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hem-de Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.
Baýram Akmyradowiç Baýramowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berlip, ol Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Permanlara 3-nji oktýabrda gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
