Şahyr, publisist, terjimeçi Akmyrat Hojanyýazowyň ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Halypalary gören gözlerim» atly kitaby çap edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Saldamly kitaba şahyryň soňky ýyllarda ýazan edebi makalalary, ýaş galamdaşlaryna maslahatlary, olaryň sowallaryna jogaplary, şeýle-de onuň öz döredijiligi dogrusynda halypalary, galamdaşlary, şägirtleri, okyjylary tarapyndan aýdylanlaryň bir bölegi girizilipdir.
Awtor kitabyň «Adamlara täsir etmek sungaty» diýen bölüminde ýaşlara ençeme möhüm maslahatlary berýär. Görnükli şahyr, publisist, ussat terjimeçi Akmyrat Hojanyýazyň köptaraply döredijiligi okyjylary biparh goýmaýar. Ol kimleriň ýüreginde tämiz şygry, kimleriň ýüreginde aýdyma öwrülen setirleri, kimleriň ýüreginde edebi-çeper, publisistik makalalary bilen ýaşaýar.
«Halypalary gören gözlerim» atly kitabyň ahyrky — «Şahyryň demi» bölüminde awtoryň halypalarynyň, kärdeşleriniň, okyjylarynyň öz döredijiligine beren mynasyp bahalary ýerleşdirilipdir. Bu bölüm hem söz ussadyny söz ussatlarynyň we okyjylaryň sözi bilen açmaga ýardam edýär.
Şahyr Akmyrat Hojanyýazyň «Halypalary gören gözlerim» atly täze kitaby diňe bir çeper sözüň muşdaklary üçin däl, eýsem, ýaş döredijiler, žurnalistler, edebiýatçylar we dilçiler, bu ugurlardan bilim alýan talyplar üçin hem juda gymmatlydyr.
