Gazagystanyň Aktau şäherinde «Beket Ata Mirzagulyly — ruhyýetiň sütüni» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol gazak alymlary bilen birlikde, Türkmenistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Türkiýe ýaly ýurtlardan ylmy jemgyýetçiligiň wekillerini hem bir ýere jemledi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Ylmy-amaly maslahat Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Gazagystanyň Aktau şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda geçirilmegi meýilleşdirilen medeni çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda guraldy. Ol sopuçylyk taglymatyny ynsanperwerlik we halklaryň arasyndaky dost-doganlyk pelsepeçilik garaýyşlary bilen baýlaşdyran gazak aň-bilim ýaýradyjysy Beket Ata Mirzagulylynyň 275 ýyllygyna bagyşlandy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary halkara ylmy-amaly maslahata işjeň gatnaşdylar. Türkmen alymlarynyň çykyşlarynda keramatly pirlik derejesine ýeten Beket Atanyň türkmen halkynyň milli däp-dessurlaryndaky orny hakynda giňişleýin söhbet edildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatda türkmenistanly alymlar türkmen-gazak halklarynyň edebi mirasynyň taryhy kökleri hakynda-da giňişleýin söhbet etdiler. Hususan-da, iki halkyň hem edebi mirasynyň altyn hazynasy hasaplanylýan «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan nusgalyk eserlerdäki keşpleriň we ýordumlaryň arasyndaky bitewi umumylyklar barada türkmen alymlarynyň garaýyşlary maslahata gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmeniň pähimdar, dana gojasy Gorkut atanyň ogly Ugurjygyň Maňgyşlak sähralygynda mesgen tutandygy hakyndaky maglumatlar hem dünýä alymlary tarapyndan ykrar edilen hakykatdyr.
Türkmen ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleriniň çykyşlarynda gazak alymlarynyň akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde we şahyryň şygyrlaryny terjime etmekde aýratyn işeňňirlik görkezendigi nygtalyp geçildi. Gazak alymlary S.Seitowyň, B.Sahariýewiň, S.Kirabaýewiň, R.Berdibaýewiň ylmy işlerinde Magtymgulynyň erkana ýaşaýyş, garaşsyz döwlet gurmak hakyndaky päk arzuwlarynyň gazak halkynyň meşhur şahyrlaryna uly täsir edendigi barada gyzykly maglumatlar ylmy jemgyýetçilige mälimdir. Magtymgulynyň 70-den gowrak şygryny 1947-nji ýylda ilkinji gezek gazak diline terjime eden Gazagystanyň halk şahyry Gali Ormanowyň bitiren hyzmatlary hem türkmen alymlarynyň çykyşlarynda hormat bilen ýatlanyldy.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde türkmen alymlarynyň gazak halkynyň ýaşuly aksakgallary bilen söhbetdeşligi guraldy. Onda türkmen-gazak dost-doganlyk gatnaşyklarynyň taryhy kökleri hakyndaky garaýyşlar beýan edildi. Şeýle hem Türk medeniýeti we miras gaznasy guramasynyň meýilnamalaşdyryş işleriniň ugrukdyryjysy Talgat Mukhanow bilen bolan söhbetdeşlikde türki halklaryň milli mirasy, golýazma çeşmeleri hakynda pikir alşyldy.
Halkara maslahaty guramaga işjeň gatnaşan Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň döwlet taryhy-medeni goraghanalaryny hasaba alyş we ýadygärlikleriň goraglylygyny üpjün ediş bölüminiň müdiri Nurlan Kulbaý bilen söhbetdeşlikde bolsa Maňgyşlak topragynda ýaşap geçen türki taýpalara degişli taryhy ýadygärlikler hakyndaky ylmy maglumatlar barada durlup geçildi.
Halkara ylmy-amaly maslahat alymlaryň gazak topragynyň Şolpan Ata, Beket Ata zyýarathanalaryna zyýarat etmegi bilen tamamlandy.
