Indoneziýanyň Hökümeti paýtagty Jakartadan Nusantara göçürmegi 2028-nji ýyla çenli doly tamamlamak isleýär. Bu barada Respublikanyň Prezidentiniň edarasynyň başlygy Mohammad Kodariniň beýanatyna salgylanýan TASS habar berdi.
Kodari ähli zerur bolan döwlet edaralarynyň gurluşygynyň ýurduň Prezidenti Prabowo Subiantonyň tabşyrygy boýunça 2028-nji ýyla çenli tamamlanjakdygyny nygtady.
2014— 2024-nji ýyllarda Indoneziýanyň Prezidenti wezipesini eýelän Joko Widodo ýurduň baş şäherini Jakartadan göçürmek barada başlangyç bilen çykyş etdi. Ilkibaşda täze paýtagt şäher Kalimantan adasynda 2024-nji ýylda peýda bolar diýlip meýilleşdirilýärdi, munuň üçin 32 mlrd dollar töweregi serişde bölünip berildi. Emma koronawirus ýokanjy sebäpli taslama togtadyldy.
Häzirki Prezident Prabowo Subianto ýokary wezipä saýlaw wagtynda Nusantara şäheriniň gurluşygyny tamamlamaga çalyşjakdygyny we ol ýere göçmäge taýýardygyny habar berdi.
