«Lebapawtoulag» önümçilik birleşigi awtobus we ýük awtoulag sürüjileri üçin boş iş orunlarynyň açylandygyny habar berýär. Dalaşgärleriň hereket edýän sürüjilik şahadatnamasy we degişli iş tejribesi bolmalydyr.
Hyundai Super Aero City kysymly şäher awtobuslaryny dolandyrmak üçin «D» kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasy zerurdyr. 20 tonna çenli ýük daşamak üçin niýetlenen KamAZ-6520 kysymly ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin bolsa «C» kategoriýasy talap edilýär.
Gyzyklanýan dalaşgärler goşmaça maglumat almak we arza tabşyrmak üçin şu telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilerler: +993422 6-34-37, 6-29-11.