Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň edara binasynda TIR konwensiýasynyň we eTIR ulgamynyň işini kadalaşdyrýan 11-nji goşundysynyň ýerine ýetirilişi boýunça okuw çäresi geçirildi. Çäre, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň TIR sekretariaty we Halkara ýol ulaglary bileleşigi (IRU) tarapyndan guraldy. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gümrük amallarynda sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagyna jogapkär hünärmenleri gatnaşdy.
Habarda bellenilişi ýaly, çärä BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň TIR sekretariatynyň wekilleri Sami Ganmi (Şweýsariýa) we Elýor Hakimow (Özbegistan) hem-de Halkara ýol ulaglary bileleşiginiň TIR boýunça geňeşçisi Wahtang Zarandia gatnaşdy. Çärä, şeýle-de Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda TIR konwensiýasynyň hukuk we amaly taraplaryny, deslapky deklarirlemegiň mümkinçiliklerini we eTIR ulgamynyň ösüşinde hususy pudagyň orny boýunça meselelere seredildi. Milli eTIR programmasynyň uýgunlaşmagyna we halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklara aýratyn üns berildi.
Mundan başga-da, enjam, serwer infrastrukturasy we programma üpjünçiligini gurmak amallary ýaly eTIR ulgamyny durmuşa geçirmegiň tehniki bölegi boýunça pikir alyşyldy. Gatnaşanlara açyk çeşme çözgütlerini ulanmak boýunça UNECE hünärmenlerinden amaly düşündirişler we teklipler berildi.
