Kot-d’Iwuarda begemot gaýygy agdarandan soňra, ondaky 11 adam dereksiz ýitdi diýlip yglan edildi. Ýitenleriň arasynda zenanlar, kiçi ýaşly çagalar we bäbek hem bar diýip, ýurduň Hökümetiniň ministri Belmondo Dogo salgylanýan AFP agentligi habar berdi.
Waka Buýo şäheriniň golaýynda gaýyk ýerli ýaşaýjylary alyp barýarka, Sassandra derýasynda boldy. Üç ýolagçy halas bolmagy başardy.
Häzirki wagtda gözleg-halas ediş işleri dowam edýär.
Ýurduň uniwersitetiniň alymlarynyň 2022-nji ýylda geçirilen ylmy barlaglaryna görä, bemegotlar Kot-d’Iwuarda adamlaryň heläk bolmagy hem-de ýaralanmagy bilen bagly, beýleki haýwanlardan kän ýatlanýar. Bu afrika döwletinde 500 töweregi begemot bar, olar, esasan, Sassandra we Bandama derýalarynda duşýar. Olar suwda gaýyklary agdaryp, adamlaryň heläk bolmagyna sebäp bolýarlar. Mysal üçin, şu ýylyň aprelinde Abijan şäheriniň golaýynda begemot tarapyndan agdarylan gaýyk suwa gidip, on iki çaga heläk boldy diýlip, habarda aýdylýar.
Begemotlar göwresi boýunça pilden soňra ikinji uly süýdemdirijidir. Olaryň uzynlygy dört metr töweregi diýlip, Haýwanlary goramagyň halkara gaznasynyň maglumatlarynda aýdylýar, erkek begemodyň ortaça agramy 2300 kilogram töweregidir.
