Turkmenportal logo
08.09.25
1740717407
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň energetika ministri Kabul şäherinde Owganystanyň suw hojalygy we energetika ministri bilen duşuşdy
Surat: Newscentralasia.net

Türkmenistanyň energetika ministri Annageldi Saparow Kabul şäherinde Owganystanyň suw hojalygy we energetika ministri Abdul Latif Mansur bilen duşuşdy. Duşuşyga Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Halkara elektroenergetika taslamalary boýunça baş müdirliginiň başlygy Myrat Artykow we Türkmenistanyň ilçisi Hoja Öwezow gatnaşdy.


Owganystanyň Suw hojalygy we energetika ministrliginiň habar bermegine görä, taraplar Türkmenistanyň 1000 megawatt möçberinde elektrik energiýasyny Kabul şäherine ibermegi, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP-500) elektrik geçiriji taslamasynyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmak, TOPH gaz geçiriji taslamasy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


Ministr Abdul Latif Mansur öz ýurdunyň ýokarda agzalan taslamalary, şeýle hem suw hojalygy we energetika pudagyny ösdürmek bilen bagly başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny nygtady.


Türkmenistanyň energetika ministri, öz gezeginde, Owganystanyň gündogar welaýatlarynda bolup geçen pajygaly ýer titremesi bilen baglylykda owgan tarapyna gynanç bildirdi.


Ministr A.Saparow Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini nygtap, türkmen tarapynyň degişli taslamalary durmuşa geçirmäge doly taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem TOP-500 elektrik geçiriji taslamasy boýunça işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny belledi.


Ýeri gelende bellesek, türkmen wekiliýeti Owganystanyň energetika pudagyna maýa goýumlary çekmek we ony goldamak boýunça ilkinji gezek geçirilen maslahata gatnaşmak üçin Kabulda saparda boldy. 6-njy sentýabrda geçirilen bu çärä Owganystan Hökümetiniň wekilleri, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň energetika ministrlikleriniň wekiliýetleri, şeýle hem halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.