6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi.
Bu bäsleşik saz we wokal ugrundaky ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen milli derejede her ýylda geçirilýär.
Soňra «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylaryň jemleýji konserti boldy we onuň ýeňijileri yglan edildi:
- Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Perhat Azadowiç Gaýitnazarow;
- Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Muhammetemir Amanmyradowiç Çaryýew;
- Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýmelek Täçmuhammedowna Täçmuhammedowa
- Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Arzuw Orazowna Aganyýazowa;
- Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky 76-njy orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Dädemyrat Sapaýewiç Arazklyçow;
- Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Daýanç Raşidowiç Raýhanow;
- Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Jemşit Begenjowiç Garýagdyýew.
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu aýdymçy çagalar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we olara noutbuk kompýuterleri, planşetler hem-de degişli diplomlar gowşuryldy. Şeýle hem «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýaş nesil baradaky aladalary, olaryň bagtyýar durmuşy ugrunda döredilýän ähli şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler – diýip, TDH agentligi habar berýär.
