Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde amaly sungatyň «Amyderýa derýasynyň güni» atly amaly sungat eserleriniň sergisi açyldy. Serginiň ähli eksponatlary häzirki günde wajyp bolan tema — suw howdanlarynyň arassalygyny gorap saklamaga bagyşlanýar.
Sergi Merkezi Aziýada suw serişdeleri boýunça dolandyryş edarasynyň howandarlygynda howanyň täsirini göz öňünde tutmak bilen geçirildi — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Bu çärä Farap, Tejen, Gökdere şäherlerindäki sungat mekdepleriniň okuwçylary uly höwes bilen gatnaşdylar.
Serginiň aýratyn ähmiýetli tarapy — käbir eksponatlaryň maşgala agzalary tarapyndan bilelikde taýýarlanylmagydyr. Mysal üçin, Amyderýanyň tebigy landşaftynyň bir burçunyň maketi Anna Girçenko we onuň 7 ýaşly agtygy Stepan tarapyndan döredildi. Maketiň ähli bölekleri gaýtadan ulanylýan materiallardan — plastik çüýşelerden, ýumurtga satmak üçin ulanylýan gaplardan, gap-gaç ýuwulýan süpürgiçlerden we otluçöpden taýýarlanyldy.

Serginiň merkezi eksponaty Nazile Guseýnowa we onuň gyzy Anahanumyň gara we ak sellofan haltalaryndan ýasan Amyderýa derýasynyň eje-aýal görnüşindäki portretdir. Portretde garry aýal sergi gelýänlerine käýinç bilen seredýär.

Serginiň merkezi eksponaty — Amyderýanyň keşbinde zenanyň – enäniň şekili bilen çekilen portretdir, ol Nazila Guseýnowa we onuň gyzy Anahanum tarapyndan gara we ak sellofan paketlerden döredilipdir. Portretde gartaşan aýal ýumşak kinaýaly garaýşy bilen sergä gelenlere dikanlap seredýär.
"Köp mukdardaky plastik adamlaryň we daş-töweregiň ýaşaýşyny üpjün edýän suw howdanlaryny hapalaýar. Bu serginiň geçirilmeginiň maksady - adamlaryň aň-düşünjelerine täsir etmek, suw howdanlarynyň hapa-zibillerden halas etmäge kömek etmek" – diýip, Nazile nygtaýar.
Sergide «Türkmen gündogary» gazetiniň fotohabarçysy Merdan Orazow hem Amyderýa bilen baglanyşykly fotoetýudlar bilen çykyş etdi.

Şeýle hem sergide ussat suratkeş Dmitriý Filipçenko ogly Andreý bilen çykyş etdi. Olar bilelikde Amyderýada ýitip barýan lakga balygynyň maketini taýýarladylar.
Sergä diňe çagalar däl-de, eýsem dürli ýaşdaky adamlar, şol sanda pensiýa ýaşyndaky raýatlar hem gatnaşdylar. Olar şatlyk bilen bazar torbalaryny bezemek boýunça ussatlyk sapagyna gatnaşdylar we daşky gurşawy arassalamak ugrunda göreşýänleriň hataryna goşuldylar. Sebäbi häzirki zaman jemgyýetinde mata torbalar sellofan paketlere garşy göreşiň nyşanyna öwrüldi.
