Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Koreýa Respublikasynyň Kanwon milli uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäklerinde türkmen talyplarynyň topary 2025-nji ýylyň 25-nji awgustyndan 2026-njy ýylyň 25-nji iýulyna çenli bir ýyllyk okuw tejribesine ugradyldy. Okuw tejribesiniň maksatnamasy koreý we iňlis dilleri boýunça bilim ugurlaryny öz içine alýar.
Bu bilim ugrundaky talyplaryň alyşylmagy Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda ýola goýlan ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ädim hökmünde garalýar. Bu başlangyç talyplara hünär bilimlerini giňeltmäge, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berer.
Mundan başga-da, bu taslama iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmäge hem-de bilim we ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine esas bolar.