Turkmenportal logo
03.09.25
2627126271
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alen Delonyň kiçi ogly kakasynyň wesýetini kazyýetde jedel etmekçi
Surat: Azertag.az

Aktýor Alen Delonyň kiçi ogly Alen-Fabýen Delon merhum kakasynyň miras hatyny kazyýet tertibinde jedel etmekçi. Ol Parižiň Raýat kazyýetine kakasynyň soňky wesýetini ýatyrmak barada talapnama bilen ýüz tutdy diýip, çeşmelere salgylanýan «RTL» teleýaýlymy habar berdi.


Kazyýet diňlenişigi 2026-njy ýylyň 9-njy martynda bolar. «RTL» teleýaýlymynyň maglumatlaryna görä, kiçi ogly aktýor kakasynyň 2022-nji ýylyň 24-nji noýabryndaky wesýetnamasyny, şeýle-de öz uýasy Annuşka Delonyň peýdasyna edilen haýyr-sahawaty ýatyrmagy talap edýär. Alen-Fabýeniň aklawçysy resminamalar düzülende, Alen Delonyň aýdyň akyl ýagdaýynda bolmandygyny nygtaýar. Onuň emläkleri barada ogly kakasy aradan çykandan soňra bilipdir.


Alen Delon 2024-nji ýylyň 18-nji awgustynda aradan çykdy. Wesýetnama görä, onuň emläginiň ýarysy gyzyna, galan bölegi ogullaryna deň paýlanmaly. Delonyň emlägi 50 million ýewro bahalanýar, mirasdüşerleri eýýäm 20 million ýewro töweregi salgyt tölemeli boldular.