Hindistanyň «Pentagon Press LLP» neşirýaty iňlis dilinde «Hindistan bilen Türkmenistanyň medeni we ykdysady hyzmatdaşlygy: taryhy we geljegi» atly ýygyndyny çap etdi. Kitap Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarynyň işjeň gatnaşmagynda neşir edildi. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, täze kitap Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýäniň dürli ýurtlarynyň birnäçe ýokary okuw mekdepleri we agtaryş merkezleri bilen alyp baran köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy esasynda taýýarlanyldy. Kitap institut bilen Hindistanyň «Hindistan – Merkezi Aziýa» gaznasynyň Halkara agtaryşlar merkeziniň (MERI) arasyndaky dowamly hyzmatdaşlygyň çäginde taýýarlandy. Ylalaşyga laýyklykda, kitap hindi we türkmen ýazyjylarynyň hindi-türkmen gatnaşyklarynyň taryhy, häzirki we geljegi bilen baglanyşykly mowzuklar boýunça ylmy makalalar ýygyndysy görnüşinde taýýarlandy.
Ýygyndyda çap edilen awtorlar abraýly hem tejribeli diplomatlardyr. Awtorlar örän yhlas bilen saýlandy: kitabyň diňe bir akademiki däl, eýsem, amaly ähmiýete-de eýe bolmagy üçin, biz okyjylara dürli garaýyşlary we ylmy mekdepleri hödürlemäge synanyşdyk.
Ýygyndynyň döredilmegine tanymal halkara alymlar, taryhçylar, jemgyýeti öwrenijiler, döwlet işgärleri gatnaşdy, ýygyndyda ýerleşdirilen käbir makalalaryň awtorlarynyň Hindistanyň we Türkmenistanyň diplomatik gatnaşygynyň gözbaşynda duranlardan bolmagy aýratyn möhümdir.
Iňlis dilindäki neşir, esasan, halkara okyjylara, dünýä akademiki jemgyýete we esasan-da, hindi okyjylaryna gönükdirilendir, çünki iňlis dili Hindistanda hindi dili bilen bir hatarda esasy dilleriň biridir. Häzirki wagtda türkmenistanly okyjylar: talyplar, taryhçylar, syýasatşynas alymlar, halkara alymlar, geljekki diplomatlar, daşary syýasat bilen gyzyklanýan Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin niýetlenen neşiriň üstünde işlenýär.
