Turkmenportal logo
30.08.25
2486224862
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Londonda şa zenan Diana tarapyndan ýere gömlen wagt gaby açyldy
Surat: Euronews

Londonda 1991-nji ýylda şa zenan Diananyň ýere gömen wagt kapsulasy açyldy. Onda aýdymçy zenan Kaýli Minougyň aýdymlar diski, Gün batareýasynda işlenýän kalkulýator we pasport bar diýip, «MIR 24» habar berdi.


Gurşun daşly agaç guty Greýt-Ormond-stritdäki hassahananyň täze binasynyň gurluşygynda ýere gömlüpdi. Hassahana 1994-nji ýylda açylypdy.



Gutuda şeýle-de ýanyňda göterilýän telewizor, britan şaýylyklarynyň toplumy, bäş agaç tohumly gapjagaz, «Taýms» gazeti we Diananyň fotosuraty bar.


Wagt kapsulasyny «ýene ýüz ýyldan» açmakçydylar. Emma ony täze çagalar hassahanasynyň gurluşygy üçin ýer taýýarlamakda açmaly boldy.