Fransiýanyň ýaşaýjysyna pişiginiň gaty mawlandygy üçin otlunyň ýolagçylarynyň nägilelik bildirmegi sebäpli 110 ýewro jerime salyndy, ol indi demir ýol kompaniýasy bilen jerimäni ýatyrmak barada jedelleşýär. Bu barada «MIR 24» gürrüň berýär.
Waka 21-nji awgustda Parižden Wanna barýan otluda boldy, är-aýal ýanlary bilen pişigi alypdylar. Eýesi pişiginiň syýahata öwrenişendigini, adatça özüni oňat alyp barýandygyny, şol gezek hem ilkibaşda gaty sesde mawlap, soň bes edendigini, munuňam beýleki ýolagçylara ýaramandygyny gürrüň berdi.
Gözegçi är-aýala başga wagona geçmegi teklip edipdir, emma olar ýüz öwrüpdirler. Barmaly şäherlerine baransoňlar, olara «goh-galmagal» we «jemgyýetçilik düzgün-tertibini» bozandyklary üçin jerime belläpdirler.
Fransiýaly zenan eger jerime ýatyrylmasa, gaýdyp otla münmejekdigini aýdýar diýip, BFMTV teleýaýlymy habar berdi.
