Aşgabat şäherindäki «Täze Hyzmat» kompaniýasy ýurdumyzyň welaýatlarynda öz hyzmatlaryny resmi taýdan wekilçilik etmek üçin hyzmatdaşlary gözleýändigini yglan etdi. Kompaniýa hyzmat ulgamyny giňeltmegi we çözgütlerini Türkmenistanyň ähli künjegindäki telekeçiler hem-de hususy müşderiler üçin elýeterli etmegi maksat edinýär.
«Täze Hyzmat» giň gerimli kämil derejesindäki hyzmatlaryny hödürleýär, olaryň hatarynda hojalyk jemgyýetlerini we hususy telekeçileri hasaba almak we gaýtadan hasaba almak, ygtyýarnama almak üçin resminamalaryň toplumyny taýýarlamak, buhgalterçilik hyzmatlary, biznes meýilnamalaryny düzmek, işewürlik meýilnamalaryny işläp düzmek, şeýle hem maslahat bermek we ugratmak – ýanynda bolmak hyzmatlary bar. Iş ugurlarynyň hataryna komission dükany hem-de gozgalmaýan emläge baha kesme hyzmatlary hem girýär.
Kompaniýa welaýatlardaky hyzmatdaşlary bilen bilelikde alyp barjak işleriniň netijesinde hyzmatlaryň telekeçilere we ilata has ýakyn bolmagy, şeýle hem çalt we ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmegi maksat edinýändigini belleýär.
Hyzmatdaşlyk şertlerini ara alyp maslahatlaşmak we giňişleýin maglumat almak isleýänler «Täze Hyzmat» kompaniýasy bilen şu telefon belgilerine jaň edip, habarlaşyp bilerler:
- Ofis: 45-22-73
- Menejer: 53-23-34
- Baha bermek: 53-69-87
- Komission dükan: 50-41-36
Salgysy: Aşgabat şäheri, Parahat 3/1, jaý 1 «G».
E-poçta: taze_hyzmat@mail.ru
Resmi saýty: www.tazehyzmat.com
