Aşgabatda geçirilýän «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly serginiň hormatly myhmanlarynyň arasynda Türkiýeden gelen, çagalaryň ýady we akyl ukyplaryny ösdürmek boýunça hünärmen, MEMORIAD guramasynyň esaslandyryjysy Melik Duýar bar. Ol dünýäde «Jenap Ýat» ady bilen hem tanalýar.
Ol «Neutralnyý Turkmenistan» gazetine beren interwýusynda bu serginiň çäklerinde geçirilen mental arifmetika boýunça çempionaty taryhy waka hökmünde häsiýetlendirdi. Sebäbi türkmen çagalary diňe bir ýokary taýýarlyk derejesini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem mental sport boýunça bir günde üç dünýä rekordyny täzelediler.
2016 we 2017-nji ýyllardan bäri hiç kim tarapyndan geçilip bilinmedik rekordlar şu ýerde täzelendi. Bu ajaýyp üstünlik. Çagalar iň kyn ugurlarda – tötänleýin sanlary ýatdan jemlemekde, «Flash Anzan» diýlip atlandyrylýan çalt hasaplamada, şeýle hem köp sanly sanlary köpeltmekde ajaýyp tizligi we takyklygy görkezdiler – diýip, Melik Duýar belledi.
Onuň düşündirişine görä, mysal üçin, rekordlaryň biri 100 sany tötänleýin sanlary ozalky çempionyň 19,88 sekuntlyk görkezen netijesine garanyňda has çalt goşmagy öz içine alýardy. Türkmen mekdep okuwçylary bu netijäni has tiz ýerine ýetirdiler. Başga bir ugurda hem olar ýalňyşsyz jemlemäni ýerine ýetirdiler. Iň kyn ugur boýunça – sekiz belgili sanlary köpeltmekde ýene-de dünýäde iň gowy netijäni görkezmegi başardylar.
Melik Duýar şeýle dowam etdi: – Bu diňe bir zehin däl-de, eýsem uly zähmeti hem talap edýär. Men bu ýerde çagalaryň ukyplary bilen ýalňyz galmaýandyklaryny – mugallymlaryň ünsüni, maşgalalaryň we döwletiň goldawyny duýýandyklaryny görýärin. Şeýle bolmasa, bir günde üç dünýä rekordyny täzelemek mümkin bolmazdy. Munuň şaýady bolmak meniň üçin diýseň tolgundyryjydyr.
Şeýle hem M. Duýar Türkmenistana ilkinji gezek gelendigini we ýurduň onda güýçli täsir galdyrandygyny gürrüň berdi. Bu ýerde döwrebap binalar gurlup, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Çagalar üçin şeýle serginiň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Bu täsirli tejribe, haýran galarlyk ýagdaý. Türkmen çagalary diňe bir ýurduň içindäki deň-duşlaryna ruhlandyryjy bolman, eýsem beýleki ýurtlardaky çagalar üçin hem görelde bolýar. Men bu waka dünýäniň köp künjeginde: «Türkmenistanda mental arifmetika boýunça üç dünýä rekordy täzelendi!» – diýlip eşidiljekdigine we munuň hakykatdan hem uly gyzyklanma döretjekdigine ynanýaryn. Başga çagalar hem täze üstünliklere ymtylarlar, sebäbi görelde iň gowy höweslendiriji çeşmedir. Türkmenistan mental sporty ösdürmekde ägirt uly ädim ätdi, men bolsa öňde täze ýeňişleriň we täze dünýä rekordlarynyň boljakdygyna berk ynanýaryn – diýip, bilermen belledi.
