Turkmenportal logo
22.08.25
2691426914
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentini kabul etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentini kabul etdi

Habar berşimiz ýaly, şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew sapar bilen Türkmenistana geldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek üçtaraplaýyn sammitiň öňysyrasynda Azerbaýjanyň Prezidenti bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň arasynda gepleşikler geçirilýär. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berýär.


Habar berlişi ýaly, ikiçäk duşuşykdan soňra gepleşikler giňeldilen düzümde dowam etdi.



Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Türkmenistan – Azerbaýjan – Özbegistan» formatyndaky üçtaraplaýyn sammit geçiriler. Oňa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen birlikde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentini kabul etdi | Turkmenportal.com