Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugy türkmen taryhçysy, alym we halk ýazyjysy Ýazmyrat Mämmediniň «Beýik Seljukly» romanynyň üçünji tomuny neşir etdi. Kitap eýýäm satuwa çykaryldy — diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Romanyň ilkinji iki tomunda awtor gadymy oguzlar, orta asyr oguz-türkmen hanlyklary, yslam dininiň kabul edilmegi, Seljugyň nesli Dukak ogly, türkmen taýpalarynyň Çagry begiň we Togrul begiň ýolbaşçylygynda Horasana göçmegi, Soltan Mesudyň gazaby, gapma-garşylyklar we Dandanakandaky söweşde seljuklaryň ýeňşi barada gürrüň berýär.
Üçünji tomda täze döredilen Seljuk döwletiniň Beýik gurultaýynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly wakalar beýan edilýär.
Kitapda Togrul begiň işini dowam etdiren Soltan Alp Arslanyň dolandyryş döwrüne aýratyn orun berilýär.
Romanyň iň gyzgalaňly wakasy hökmünde Mansikertiň etegindäki (häzirki wagtda Türkiýäniň Malazgirt şäheri we etraby) söweşi görkezilýär. Bu ýerde Alp Arslan Wizantiýanyň imperatory Roman IV Diogeniň uly goşunyny derbi-dagyn edýär, onuň özüni bolsa ýesir alýar. Bu ýeňiş diňe bir Beýik Seljukly imperiýasynyň döredilmegine däl-de, eýsem Alp Arslanyň «Soltanlaryň soltany» diýen ady almagyna hem sebäp bolýar — diýip, çeşmede bellenýär.
