Turkmenportal logo
05.08.25
3114031140
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Kataryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan bilen Kataryň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

4-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgül Orazdurdyýewa Kataryň halkara gatnaşyklary boýunça döwlet ministri Merýem bint Ali Nasser Al Misnad bilen duşuşdy diýip, Kataryň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berýär.


Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.


Duşuşygyň maksady Türkmenistanyň we Kataryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň pugtalandyrmakdan hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekden ybarat boldy. Taraplar özara gyzyklanma döredýän ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada söhbetdeş boldular.


Gepleşikleriň netijesinde söhbetdeşler türkmen-katar hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.