Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti jenap Karlos Manuel Wila Nowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi.
«Türkmenhowaýollarynyň» saýtynda berilýän habara görä, ýokary derejeli myhmany alyp gelen uçar Türkmenbaşy halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Prezident Karlos Manuel Wila Nowa we onuň ýanyndaky wekiliýet türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däplerine laýyklykda mähirli hem-de dabaraly garşylandy.
San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy Afrika yklymynyň kenarlaryndan 300 km günbatarda ýerleşýän, Atlantik ummanynyň Gwineýa aýlagynda ýerleşýän ada döwletidir. Adatça kakao ösdürip ýetişdirilmegine bagly bolan ýurduň ykdysadyýeti soňky döwürde Gwineýa aýlagynyň suwlarynda nebit ýataklaryny özleşdirmek üçin maýa goýumlary bilen baglanyşykly möhüm özgerişlikleri başdan geçirdi.
San-Tome we Prinsipi Respublikasynyň Baştutanynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerine bagyşlanan bu möhüm halkara foruma gatnaşmagy maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Şeýle-de bu sapar oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça umumy çözgütleri işläp düzmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
