Alymlar ABŞ-da tupan wagtynda dünýäde iň uzyn ýyldyrymy hasaba aldylar. Ol 828 kilometre ýetdi we bu Pariž bilen Wenesiýanyň aralygyna deňdir. Şeýle aralygy geçmek üçin ulagda 9 sagat, uçarda 90 minut gerek diýip, «MIR 24» ýazýar.
Bütindünä Meteorologik guramasynyň alymlary bu wakanyň ýyldyrymlaryň tebigatyna has içgin düşünmäge ýardam berjekdigini belleýärler. Ýyldyrymlar adamlar üçin çynlakaý howp döredýär. Sebäbi her ýyl ýyldyrymlardan adamlar heläk bolýarlar, şonuň üçin mümkin bolan ýyldyrym urgulary barada öňünden duýdurmaga hem-de olaryň düşjek ýerlerini anyklamak boýunça ulgamy işläp düzmek gerek.
Köp ýyllaryň dowamynda ýyldyrymlary ýerüsti stansiýalaryň kömegi bilen hasaba alýardylar, 2017-nji ýyldan bäri olary hemra duýduryjylary arkaly yzarlap we ölçäp başladylar. Alymlar alnan netijeleriň kömegi arkaly ýyldyrymlaryň howply seýrek görnüşlerini synlamaga hem-de häsiýetlerini öwrenmäge umyt edýärler.
Iň uzyn ýyldyrymy öň 2020-nji ýylyň aprelinde hasaba aldylar, ol şonda 767 kilometre deň boldy. Adaty ýyldyrymlaryň uzynlygy 15 kilometrden geçmeýär diýlip, habarda bellenýär.
Iň ölüm howply ýyldyrym urgusy 1975-nji ýylda Zimbabwede hasaba alyndy, şonda 21 adam heläk boldy diýip, «The Daily Mail» habar berdi.
