Aşgabatdaky Altyn Çaýhana restorany indi birnäçe ýyl bäri dabaraly çäreleri geçirmek üçin iň islenilýän ýerleriň biri bolup galýar. Täze kärhanalaryň peýda bolmagyna garamazdan, bu wagtyň synagyndan geçen ýer birkemsiz hyzmat etmekde we baýramçylyklary gurnamakda aýratyn çemeleşmesi bilen myhmanlary özüne çekmegini dowam etdirýär.
Myhmanlar näme üçin ýyllar boýy Altyn Çaýhanany saýlaýarlar:
- Köp ýyllyk iş tejribesi bilen tassyklanan ygtybarly abraýy;
- Dabaralar üçin uly zaly — ol 240 adama çenli niýetlenip, maslahatlary, forumlar we dabaraly çäreleri geçirmek üçin diýseň amatlydyr;
- 40 adamlyk VIP zaly — ýapyk duşuşyklar, maslahatlar we kiçi çäreleri geçirmek üçin iň oňaýlydyr;
- Çäreleri guramagyň köp ýyllar dowamynda işlenip düzülen tejribesi;
- Tagamlaryň we hyzmat etmegiň durnukly hili.

«Biz ýyllar boýy gazanan abraýymyza sarpa goýýarys» — diýip, restoranyň ýolbaşçylary belleýärler. «Hemişelik müşderilerimiz elmydama ýokary derejeli hyzmat ediljekdiklerine ynanýarlar».
Gurbansoltan eje köçesi, 168-nji jaý salgysynda ýerleşýän restoran aşgabatlylaryň birnäçe nesli üçin toýlary, ýubileýleri we korporatiw çäreleri geçirmek üçin däp bolan ýere öwrüldi.
Restoran hemişe interýerlerini täzeläp durýar we hyzmatlaryny kämilleşdirýär, şol bir wagtyň özünde hem özüniň tanalýan gurşawyny we aşpezçilik däp-dessurlaryna wepaly bolmagyny saklap galýar.
Sargyt etmek üçin telefon belgileri:
94 11 61,
94 11 71,
72 37 46,
72 35 47.
Altyn Çaýhananyň dolandyryjysy:
(+993 65) 65 53 10.
Sosial ulgamdaky sahypаsy.
